Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 13108
I. 2011-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 8-nji madda; 2013 ý., № 3, 58-nji madda; 2014 ý., № 1, 42-nji madda; 2015 ý., № 4, 125-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

86-njy maddanyň ikinji böleginiň 7-nji bendinde «ýarysyndan az bolmadyk» we «üçden iki» diýen sözleri degişlilikde «dörtden bir» we «üçden bir» diýen sözlere çalşyrmaly;

170-nji maddanyň ikinji böleginde «zähmete we okuwa gatnaşygy, iş kesileniň» diýen sözlerden soň «düzelmek ýoluna düşenligi we» diýen sözleri goşmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow


Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.